Dünýä kartasynda Antarktida materigini bilmeýänlerimiz az bolsa gerek. Elbetde, Antarktida özboluşly hem ajaýyp materik bolup, ol beýleki materiklerden klimat şertleri, flora we fauna dünýäsi bilen düýpgöter tapawutlanýar. Ol hakda köp gyzykly maglumatlary aýdyp bolar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:
- Antarktida materigine baryp, adam özüne tanyş bolan adaty wagt düşünjesini ýatdan çykarýar. Antarktida ähli wagt zolaklarynda birbada ýerleşýän materikdir, ýagny ähli meridianlar materikde birikdirilen. Mundan başga-da, bu ýerde polýar gündiz we polýar gijesi ýaly bir hadysany synlap bilersiňiz, Gün 24 sagatdan gowrak gorizontda görünmeýär.
- Antarktidanyň iň beýik nokady beýikligi 3,4 km bolan Gamburtsewa daglarydyr. Daglaryň uzynlygy 1,3 müň km, käbir ýerlerde daglaryň ini 500 km deň bolýar. Daglar 600 metrden 4 km çenli galyňlykda buz bilen örtülen.
- Planetar togalagynyň iň arassa deňzi Antarktidada ýerleşýär. Bu kölüň arassa suwunda 76 metre çenli çuňlukda ýüzýän balyklary we beýleki deňiz jandarlary görüp bilersiňiz.
- Bu materik planetamyzyň iň gurak ýeridir. Geň galdyryjy ýeri, Antarktidada bir ýylda ortaça 18mm ygal düşýär. Deňeşdirmek üçin maglumatlar: Merkezi Aziýanyň, Gazagystanyň çöllerinde ýyllyk ortaça ygal 40-300 mm, Demirgazyk we Günorta Afrikada 25-500 mm, Arabystan ýarym adasy we Ýakyn Gündogarda 25-den 300 mm, Günorta we Demirgazyk Amerikada 50-300 mm, Awstraliýada 100 - 250 mm, Hindistanda bolsa 50 - 500 mm deňdir.
- Antarktidada 140 sany ululy-kiçili köl bar. Şolardan biri -10° C temperaturaly Wostok köli bolup, ol 4 km çuňlukda buzuň aşagyndadyr.
- Kontinentdäki buzdan başga-da, buz bilen örtülmedik we gumdan, toprakdan we daşlardan ybarat uly ýerleri görüp bilersiňiz. Munuň sebäbi ýerli ýelleriň 85 m/s tizlige ýetmegi bilen baglanyşyklydyr.
- Antarktidada ekwatorial çölleriň çukurlaryna meňzeş çukurlary tapyp bilersiňiz.
- Materigiň topragynda diametri 482 km bolan asteroid krater bar. Asteroidiň takmynan 250 million ýyl ozal planeta düşendigi çak edilýär.
- Materigiň telefon kody we domen ady bar. Antarktidada hemişelik ýaşaýjylaryň ýokdugyna garamazdan, kontinente «672» telefon belgisi, şeýle hem «.aq» domen ady berildi.
Döwran NURYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.