logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Änew şäherinde türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi
  30.07.2022
1044
Änew şäherinde türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi

     Ýakynda, Änew şäheriniň döwrebap sport toplumynda türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen pälwanlaryň onlarçasy öz aralarynda güýç synanyşdylar.

Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň meýilnamasy esasynda guralan bu ýaryşda Tejen şäherine wekilçilik eden pälwanlardan Ýakup Atadurdyýew (57 kg), Rahym Jepbarow (82 kg), Annagurban Allaberdiýew (90 kg), Tejen etrabyndan Mekan Nurberdiýew (62kg), Selim Nurberdiýew (68 kg), Söýün Mommaýew (+100 kg), Gökdepe etrabyndan Işannur Babaýew (75 kg) we Ak bugdaý etrabyndan Baýramdurdy Seýitliýew (100 kg) dagy öz garşydaşlaryndan rüstem gelip, birinji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan pälwanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.