Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Anadolyda ýetişdirilýän bal görnüşleri
  27.07.2024
731
Anadolyda ýetişdirilýän bal görnüşleri

Müňýyllyklardan gözbaş alýan lezzetli türk tagamlarynyň esasy ylham çeşmesi Anadolynyň örän baý flora we fauna dünýäsi bolup durýar. Bu bereketli topragyň iň aýratyn önümlerinden biri hem dürli-dümen Anadoly ballarydyr. Türkiýäniň iň lezzetli ballarynyň ýygnalynýan sebitleri size täsin başdan geçirmeleri wada berýär.

 

Datçanyň timýanly, sosnaly we badamly ballary

Egeý we Ortaýer deňziniň suwlary bilen gurşalan Datça ýarym adasy, özüniň kiçiräk aýlaglary we hoştap howasy bilen tanalýar. Mugla welaýatynyñ bu ajaýyp Datça etrabynda timýanyň we sosna agaçlarynyň ysy bark urýar. Sebitde ýetişýän zeýtun we badam agaçlary bolsa etrabyň bu ugurlarda marka bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem bu ýerde ýetişýän ösümlikleriň gülünden ýygnalan bal diýseň peýdaly we ýokumlydyr.

 

Synap görüň: Datçada günüň dowamynda deňiz suwundan lezzet alyp, ýarym adada ýerleşýän Gadymy Knidos şäherinde günüň ýaşyşyny synlamagy unutmaň. Bu ýerde biri- birinden tagamly deňiz önümleri bilen dürli gastronomiki açyşlar edip bilersiňiz.

 

Anzer ýaýlasynyň ajaýyp baly

Gyrymsy, lipa, kaştan we gyzyl agaçlary bilen ýaşyl begrese bürenen tebigata eýe bolan Türkiýäniň demirgazygyndaky Gara deňiz sebitinde ýerleşýän Rize welaýaty anzer balynyň watany hasaplanýar. Bu bal Kaçkar daglarynyň etegindäki Anzer ýaýlasynda öndürilýär. 2300-3000 metr belentlikde ýerleşýän ýaýlada dünýäde deňi-taýy bolmadyk meýdan gülleri ýetişýär. Kawkaz arylary tarapyndan 50-60 sanysy endemik bolan 400-den gowrak gülüñ tozgajyklaryndan taýýarlanan anzer baly geografiki ýerleşişi bilen hasaba alyndy.

 

Synap görüň: Ýerdäki jennet bolan Rize şäherine baranyňyzda ýaýlada ertirlik edinmegi, gyzgalaňly çaý hasylyna gatnaşmagy, Fyrtyna çeşmesinde rafting gezelenjine çykmagy, şeýle hem sebitiň meşhur tansy bolan horon tansynyň ýerine ýetirilişine tomaşa etmegi ýadyňyzdan çykarmaň.

 

Ýokumly Erzum ballary

Gara deňizden günorta tarap ugur alaňyzda sizi Anadolynyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Erzurum şäheri garşy alar. Taryhyň we tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýän bu şäher, Tortum köli, Narman gaýalary we Ispir ýedi köli ýaly tebigy gözellikleri bilen görenleri haýrana goýýar. Şu ýerde ýygnalýan bu şirin nygmatynyň tapawutly aýratynlygy bolsa, kölleriň boýlarynda we dag sebitlerindäki öri meýdanlarda ýetişýän özboluşly endemik ösümlikleriň dürliligi, baý florasy we arassa howasy bilen bagşanşyklydyr. Esasan hem, Garaýazy we Palandöken etraplary bal öndürmekde başarjaňlygy bilen saýlanýarlar. Palandökeniň baly, sebitde ýetişýän gewen (astragalus) ösümliginden öndürilýändigi üçin gewen baly diýilýär.

 

Synap görüň: Erzurumdaky Aziziýe we Mejidiýe desgalaryndan şäheri guşuçar beýiklikden synlap bilersiňiz, şeýle hem Çifte minaraly medresäni we Üç kümbetler ýaly taryhy ýerleri görüp bilersiňiz. Mundan başga-da, bu ýerde jag kebaby we kadaýyf dolamasy ýaly ýerli tagamlar size garaşýar.

 

Meýdan güllerinden Kars baly

Gündogar – syýahatçylyk ekspres otlusynyň soňky duralgasy şol bir wagtyň özünde Türkiýäniň meşhur gyş şäheri bolan Kars welaýaty, 100-den gowragy endemik bolan 1600-den gowrak gül ösümligi bolan oazisdir. Şonuň üçin hem Kars baly tebigy arassa önüm bolup, onuň düzümi fermentlere we beýleki peýdaly maddalara örän baýdyr.

 

Synap görüň: UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkiýäniň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Karsda ýerleşýän Gadymy Ani şäherine mümkin bolsa gyş paslynda otly bilen baryp görmegi maslahat berýäris. Bu möwsümde ak dona bürenen Karsda şäheriň Baltika arhitekturasyny synlap, meşhur ýerli tagamy bolan gaz etinden agşamlyk nahary edinip bilersiňiz.