logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Amatly eko-gezelenjiň 5 düzgüni
  12.04.2023
873
Amatly eko-gezelenjiň 5 düzgüni

Mälim bolşy ýaly, ajaýyp ýaz pasly dowam edip we öňde bize sapaly tomus garaşýar. Bu möwsümler adamlaryň tebigata çykyp gezelenç edýän, dynç alýan gyzykly wagtydyr. Bu döwürde ýakynlarymyz, dost-ýarlar bilen dürli maksatly gezelençler gurnalýar. Emma şadyýan hem gyzykly wagt geçirmek bilen birlikde, töweregimizdäki tebigat üçin jogapkärdigimizi hem ýatdan çykarmazlyk has möhümdir. Munuň üçin ýönekeý düzgünleri ýerine ýetirmek hem ýeterlikdir. 

1. Ygtybarly ýeri saýlaň. 

Gezelençde, dynç alyşda özümize iň amatly ýeri saýlamak ilkinji meseledir, iň esasysy, binalardan 5 metr uzaklykda bolmaly. Şäheriň çäginde muňa diňe seýilgähleriň golaýyndaky ýörite meýdançalarynda rugsat berilýär. Ol ýerde ähli seresaplyklar hasaba alnandyr we onuň üçin ýörite desgalar bar. Tokaýlarda ot ýakmak düýbünden gadagan, ýöne dynç almak üçin şeýle ýeri saýlamak aýratyn aladany talap edýär. Onuň üçin esasan açyk örtükli ýeri saýlamak gowudyr. Möhüm zatlaryň biri-de, nirede wagtyňyzy geçirmek kararyna gelseňiz, ol ýerde güýçli ýeliň hem bolup biljekdigini ýatdan çykarmazlyk gerek: ýeliň tizligi 10 m/s-den ýokary bolsa, ot ýakmak gaty howply bolup biler. 

2. Dogry ýerde we dogry gapda bişiriň. 

Hiç bir ýagdaýda gönüden-göni ot ýakmaň: topragyň ýanýan ýerleri diňe bir tebigatyň gözelligini ýok etmän, ýene birnäçe ýyllap hiç zat ösmezligine hem alyp barýar. Tagam bişirmek üçin onuň beýikliginiň azyndan 30 sm bolmagy möhümdir, ýogsam ösümlikleriň kökleri yssydan ejir çekip biler. 

3. Ody paýhasly dolandyryň. 

Tagam taýýarlamak üçin gerek bolan ody nämäniň hasabyna ýakmalydygyny saýlamaly. Ilki bilen kömür has çalt ýanýar, ýylylyk has deň paýlanýar we et has ysly bolýar. Ikinjiden, ýanmak wagtynda atmosfera üçin has zyýanly tüsse bölünip çykmaýar. Gezelenç gutarandan soň, kömri suw bilen söndüriň. Munuň özi toprak üçin ajaýyp dökün bolup hem hyzmat edýär. 

4. Ekologiýa taýdan arassa gap-gaçlary ulanyň. 

Bir gezek ulanylýan gap-gaçlar köpler üçin gezelenjiň aýrylmaz bölegidir, ýöne plastmassadan ýasalan gaplar planeta üçin hakyky howp. Pikir edip görüň: plastmassanyň çüýremegi üçin 400 ýyl gerek! Umumy geljegimize şahsy goşant goşmak üçin ekologik taýdan arassa gaplary we nahar önümlerini ileri tutuň. Şeýle tagamlar we gaplar birnäçe aýyň içinde çüýräp, gurşawa zeper ýetirmeýär. 

5. Özüňizden soň gurşawy arassalaň. 

Dynç alyşdan soň gurşawy arassalamak eko-gezelenjiň esasy düzgünidir. Hapalary diňe biodegrirlenip bilinýän haltalara bölüň. Ony üç kategoriýa bölüň: organiki galyndylar, aýna we beýleki gury hapalar. Çüýşe gaplary tokaýda galdyrmazlyk aýratyn möhümdir: çünki bu bölekler tokaý ýaşaýjylary üçin howply bolup biler, şeýle hem gurak otlara ýagtylygyň düşmegi bilen ot berip bilýän we netijede ýangyna sebäp bolup bilýän howply ýagdaýlara eltip biler.

Şonuň üçin hem, amatly eko-gezelenjiň şu ýönekeý düzgünlerini berjaý etmek arkaly, hem täsirli, gyzykly dynç alyp bileris, hem-de daşky gurşawyň goraglylygyny gazanyp bileris! 

 

Hakberdi DÄDEBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.