logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /’’Altynly” atyzlardaky akhanalar
  06.10.2020
750
’’Altynly” atyzlardaky akhanalar

      Daýhan “ak altyn” atyzlardaky akhanalara uly buýsançly bilen garaýar. Ol ene - topragy özüniň ekleýjisi hasaplaýar. Tejen etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem bu gün özleriniň çekýän yhlasly zähmetleriniň miwesini gördiler. Şonuň üçin hem pagtaçy kärendeçiler hemişe pederlerimiziň “Çekseň zähmet – ýagar rehnet” diýen sözlere eýerýärler. Şonuň ýaly hem daýhan ýylyň bütin dowamynda ene-topraga hyzmat etdi, alyn derini oňa bagyşlady. Bu gün bolsa “ak altynly” atyzlary akhanalar bezeýär, daýhan oňa guwanýar, buýsanýar. Gollaryny mäkäm çyzgap, şol ekerançylyk meýdanlarynda köp müňlerçe ýygymçylar zähmet çekýär. Olaryň arasynda ökdeler öňe saýlanýarlar. Olaryň gapana goýýan pagtalarynyň möçberleri bolsa gün saýyn artýar.

         Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçmeginde etrap häkimligi, onuň çägindäki jemgyýetçilik guramalary hem-de onuň işjeň agzalary mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Medeniýet işgärleriniň çekýän zähmetleri hem bu ugurda bellenmäge mynasypdyr. Etrabyň daýhan birleşiklerinde pagtaçylyk bölümlerinde, daýhan hojalyklarynda, toparlarda bolup, günortan arakesme wagtynda zähmet adamlarynyň armasyny berýärler. Belentden ýaňlanýan aýdymlar, ýaşuly nesileriň we wekilleriniň söhbetdeşlikleri milli tagamlar, pagtaçylaryň ruhyny has ýokary göterýär. Şol dabaraly pursatda jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem pagta ýygymy möwsüminde yglan eden 10 günlik ýaryşlaryň jemini jemläp, öňde baryjylaryna ýadigärlik gymmat bahaly sowgatlaryny hem-de hormat hatlaryny gowşurýarlar. Munuň özi bolsa her günki zähmet öndürjiligini gün saýyn ýokarlanmagyna getirýär.