logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Altyn «saçly» pingwinler
  08.02.2023
2076
Altyn «saçly» pingwinler

Häzirki wagtda haýwanat dünýäsinde pingwinleriň 18 görnüşi bar bolup, olaryň ählisi hem Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilendir. Mälim bolşy ýaly, pingwinler guşlara degişli wekiller bolup, özboluşly aýratynlyklary, ýaşaýyş şekilleri we uçup bilmeýänligi bilen tapawutlanýar. Pingwinler diýseň özboluşly jandarlar bolup, şolaryň biri-de altyn «saçly» pingwinlerdir.

Ylmy ady – «Eudyptes chrysolophus», iňlis dilinde bolsa «macaroni penguin» diýilýär. Ilkinji gezek bu pingwinler 1837-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi J.F.Brandt tarapyndan öwrenildi. Bu pingwinler kellesindäki açyk altynsow reňkli ýelekler pingwin jynsynyň ähli wekillerinde bolýar. Bu pingwinleriň bedeniniň uzynlygy 65-76 sm, agramy bolsa 5 kg deňdir. Bu görnüşiň wekilleri Atlantik we Hindi ummanlarynyň günorta sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Şeýle-de altyn «saçly» pingwinler Antarktika ýarym adasynyň demirgazygynda hem duş gelýär. Olaryň jemi 200-den gowrak höwürtgeleýän mekany bellidir.

Pingwinler ýerde höwürtge döredip, 2 ýumurtga goýýar, inkubasiýa dowamlylygy 35 gün. Uly guşlar iki-üç hepde töweregi jüýjeleri ösdürip ýetişdirýärler, şondan soň ýanwar aýynyň ahyrynda deňze gidýärler we 6 aýlap diýen ýaly deňizde wagtyny geçirýärler. Ýylda bir gezek nesil berýär. Bu görnüş pingwinleriň arasynda iň köp ýaýrany hasaplanýar, dürli çaklamalara görä, olaryň sany 17-den 20 milliona çenlidir.

Altyn «saçly» pingwinler ýelekleriniň üstünde geçirilen gözlegler, olaryň şeýle reňklenmegine adatça karotinoidleriň däl-de, sfenisin diýip atlandyrylýan özboluşly pigmentiň bardygyny görkezdi. Bu birleşme haýwanlarda pigment görnüşinde-de, möhüm fiziologiki funksiýalary ýerine ýetirýän maddalar görnüşinde-de duş gelýän pterinler toparyna degişlidir. Mysal üçin, witamin fol turşusy pterinlere degişlidir. Pterinler kebelek ganatlarynyň reňklenmegine, drozofila siňekleriniň gözlerine, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we süýrenijileriň derisine jogapkärdir. Karotinoidlerden tapawutlylykda, pterinleri iýmitden almak zerurlygy ýok, olar bedeniň içinde sintezlenilýär. Sfenisin peptidi 38 sany aminokislota galyndylaryndan durýar.

Pingwinleriň arasynda iň köp duş gelýän görnüşdigine garamazdan altyn saçly pingwinler 1970-nji ýyldan bäri ähli sebitlerde goralyp saklanýar. 

 

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.