Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan – ekologik meselelerde işjeň  gatnaşyjy ägirt ✦ ✦ Bitaraplygyň türkmen nusgasy: oňyn, işjeň hem çäksizdir ✦ ✦ Altyn Asyr AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş eder ✦ ✦ Türkmenistan Päkistanyň Gwadar portuna çykmagy meýilleşdirýär ✦ ✦ Kosmos rekordy täzelendi ✦ ✦ Lemanyň çigildemi ✦ ✦ Ýollarymyzyň abadanlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi ✦ ✦ Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /Altyn Asyr AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş eder
  20.09.2024
34
Altyn Asyr AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş eder

Aşgabadyň "Altyn asyr" futbol kluby AFK 2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi.
 

Toparlaýyn tapgyryň birinji duşuşygynda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri myhmançylykda Bagdatdan "Al-Kuwa" yrak kluby bilen duşuşdylar. B toparyň bu duşuşygy 23:00-da başlandy.

 

«Altyn asyr» saýlama tapgyrynda "Ist Bengal" hindi klubuny myhmançylykda 3:2 hasabynda ýeňip, AFK 2 Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

 

Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde "Altyn asyr" kümüş medallary eýeledi. Belläp geçsek, geçen möwsümiň çempiony "Arkadag" FK täze ýaryşda - AFK Çagyryş ligasynda çykyş eder. "Arkadag" klubunyň gatnaşmagynda B toparyň bu tapgyrynyň toparlaýyn duşuşyklary Kuweýtde merkezleşdirilen görnüşde oktýabryň ahyrynda we noýabryň başynda geçiriler.

 

Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.