logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /ALKYŞ EÝESI
  03.05.2023
713
ALKYŞ EÝESI

Islendik hünäriň özüne ýetik aladasy, jogapkärçiligi, abraýy bolýar. Olaryň birini gowy görüp beýlekisini goýar ýaly däl. Esasy maksat öz saýlap alan hünäriň eýesi bolup, halkyň alkyşyny almakdyr, at-abraýyňy belende galdyrmakdyr. Özüniň kiçilikden arzuw edip, maksadyna ýeten hünäriniň ussatlarynyň biri-de Şatlyk Nepesowdyr.

Şatlyk kakasynyň göreldesini dowam etdirip, heniz kiçi wagty lukman bolup, dertlileriň derdine şypa bolasy gelýärdi. Onuň çagalyk arzuwlary hasyl bolup, ol lukman adyna eýe boldy. Şatlyk lukman indi ençeme ýyl bäri halkyň alkyşyna mynasyp bolup, Mary welaýat stomatologiýa merkezinde dürli wezipelerde işläp gelýär. lukman häzirki wagtda ol ýerde bejeriş bölüminiň müdiri bolup işlemek bilen, gije-gündiz halkyň hyzmatynda. Ol şol merkeziň baş lukmany Aýdogdy Akymowdan hem-de halypa lukman Sylapberdi Gandymowdan dişleri bejermegiň inçe ýollaryny ürç edip öwrendi. Şatlyk häli-şindi olardan maslahat sorap, näsagyň derdine şypa bolýar.

Şatlyk Nepesow ýaşlygyna garamazdan, ýaş lukmanlara öz iş tejribesi boýunça dişleri bejermegi öwredýär. Häzirki wagtda merkeziň intern lukmany Gunça Orazberdiýewa ak ýektaýly lukmanyň bejeriş işlerinden sapak alýar, öz tejribesini baýlaşdyrýar.

Şatlyk lukmanda lukmanlara mahsus bolan häsiýetleriň ählisi jemlenipdir. Ol jany-teni bilen halkyň hyzmatynda bolup, il alkyşyna mynasyp bolýar. Ol süýji dilli, mylaýym, salyhatly, mähirli, adamkärçilikli, işjanly lukmanlaryň hatarynda tanalyp, uly abraýdan peýdalanýar. 

 

Sülgün ŞADYÝEWA,
«Maru – şahu jahan».
SURATDA: Şatlyk Nepesow iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.