Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy!
  08.05.2024
406
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy!

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilýän III möwsüminiň final oýny geçirildi.

 

Bäşleşgiň final oýnunda ýaş çaparlar 6 menzil boýunça bäsleşip, 4 menziliň sowallary iňlis dilinde alnyp baryldy. Mundan başga-da ýaş çaparlara final oýnunyň dowamynda sanly ulgam arkaly alymlardan, ildeşlerimizden gelip gowşan gyzykly soraglar berildi.

 

Netijede:

Baş baýraga we Göçme kuboga: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa;

I orna: Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow;  

II orna: Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew; Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa;

III orna Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa; Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew; Aşgabat şäheriniň 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa;

 

Final oýny tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli Şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

 

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýny «Miras» teleýaýlymy bilen institutyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň final oýny ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

 

Şeýle hem bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda iirmfa.edu.tm giňişleýin okap bilersiňiz.

 

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl – paýhas bäsleşiginiň
I möwsüminiň ýeňijisi.