Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Akyl ösüşine türkmen oýunlarynyň täsiri
  14.11.2024
110
Akyl ösüşine türkmen oýunlarynyň täsiri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim işgärleriniň, terbiýeçileriniň öňünde duran esasy wezipeleriniň biri milli ruhly, dünýä derejesinde ylymly-sowatly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden bolup durýar. Taryha ser salsak hem dana ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin dürli terbiýeçilik usullaryny ulanypdyrlar. Şolaryň içinde iň täsirlileriniň biri hem türkmen durmuşynda öz ornuny tapan milli oýunlardyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesli akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly  ähmiýete eýedir.

 

Halk döredijiliginiň aýratyn özboluşly nusgasy bolan milli oýunlary terbiýeçilik serişdesi hökmünde ulanmaklyga häzirki wagtda ýurdumyzda uly üns berilýär. Türkmen milli oýunlary geçen asyrda ýygnalynyp ýazga geçirilip başlandy. Ýöne halk döredijiliginiň “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarynda milli oýunlaryň käbirleri hakyndaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Şeýle-de, türkmen çagalarynyň top, aşyk, gözdaňdy ýaly oýunlary oýnandyklary barada berilýän maglumatlara rus syýahatçylaryndan D.N.Logofetiň, F.A.Mihaýlowyň ýazgylarynda hem duş gelmek bolýar. Ýaş nesliň ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin milli oýunlardan peýdalanmaklygyň olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde edýän täsiri aýratyn uludyr. Şeýle hem ýaş nesli geljekki zähmete taýýarlamakda milli oýunlaryň belli bir derejede ähmiýeti uludyr.

 

Çaga durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki adamyň çagalyk döwri we oýun biri-biri bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Adamyň çaga döwrüne “Oýun döwri” hem diýilýär. Çagalaryň mekdebe çenli döwri gysga bolýar, ýöne ony netijeli guramak zerur bolup, bu döwürde durmuş baradaky ilkinji düşünjeleri, adamlar bilen aragatnaşygy, özlerini dogry alyp barmagy özleşdirip başlaýar. Körpeler oýun oýnamak arkaly bökdençliklere göz ýetirýärler. Oýun olaryň kiçijikliginden iň gowy görýän güýmenjesi bolýar. Ylaýta-da, körpeleriň biliminiň oňat, berk bolmagynda sapaklarda guralýan öwrediji oýunlaryň ähmiýeti örän uludyr.

 

“Bukuldym”, “Eldegirdi”, “Guýruk tutdy”, ýaly ençeme milli oýunlar oýnalanda ýaş nesil ylgap sazlaşykly hereket edýär. Netijede olar bütin synalaryny berkidýärler. Bu bolsa synanyň sagdyn, çeýe bolmagyna getirýär.

 

Köpçülik bolup oýun oýnamak diňe bir tomaşa däldir, ol oýunlar boş wagtlaryňy manyly edýär, döredijilige ündeýär, kyn pursatlarda çykalga tapmagy  öwredýär, akyl-paýhasyňy, erkiňi, güýjüňi artdyrýar, daşarky täsirlere duýgurlygyňy çaltlandyrýar. Türkmen milli oýunlary bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, çagalary jemgyýete, peýdaly zähmete, durmuşa, Watanymyzy goramaga taýýarlamaklygyň maksadyna hyzmat edýär.

 

Ata-babalarymyz ýaş nesle ahlak terbiýesi berlende öz deň-duşlary bilen agzybir bolmaklygyň, gerek ýerinde goldamaklygyň, kömek etmekligiň gerekdigini ýöne sözde gaýtalap ýörmän, şerti boýunça agzybirlik, birek-biregi sylamak, arkalaşmak ýaly zatlary talap edýän oýunlaryň üsti bilen terbiýelemegiň oňat netije berýändigine göz ýetiripdirler. Ikinji bir ähmiýetli tarapy hem çagalar dürli maşgalalardan bolansoňlar, olar dürli hili terbiýe alýarlar. Oýunda oýnuň şertini ýerine ýetirip, durmuşda şeýle synaglaryň adamzada gerekdigine, şeýle gowy häsiýetleriň bolsa özüň üçin hem-de töweregiňdäki adamlar üçin oňat bolýandygyna düşünýärler. Sebäbi oýnuň şertini berjaý etmeseň oýna gatnaşdyrmaýarlar. Eger käbir ýaramaz hereketleriň, häsiýetleriň üçin oýna gatnaşdyrmaýan bolsalar, durmuşda-da şeýle hereket etseň il-güne goşulyp bolmajakdygyna özleri göz ýetirýärler.

 

Toparlara bölünip oýnalýan oýunlarda, öz toparlarynyň ýeňiş gazanmagy üçin, yhlas bilen oýny ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu bolsa ýaş nesilde erjellik, tutanýerlilik, jogapkärçilik ýaly ahlak sypatlarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

 

Oýun oýnaýan wagty ýaş nesil synlaýar, diňleýär, öwrenýär. Synlap, gören, eşiden zatlary hakynda pikir edýär. Bular bolsa çagany akyl taýdan ösdürýär. Ine, şular ýaly ýaş nesliň akyl taýdan ösmegine ýardam edýän oýunlar bilen birlikde, gönüden-göni akyl başarnygyny: oýlanmak, pikirlenmek, synlamak ýaly başarnyklaryny talap edýän “Düzzüm”, “Aşyr atdy”, “Üç düzzüm” ýaly oýunlar hem oýnalypdyr. Bu oýunlarda ýeňiş gazanmak üçin, garşydaşyň ähli hereketlerini nazara alyp, netije çykaryp, oýlanyşykly hereket etmeli. Bular bolsa çagalaryň akyl taýdan ösmeklerine uly ýardam edýär.

 

Arslan ATAMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk insitutynyň magistranty.