Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçiriler
  21.05.2024
246
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergisiniň nobatdaky tapgyry Aşgabat şäheriniň güninde geçiriler.

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. 

 

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir. 

 

Ogulnäzik MÄMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.