logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda okuw-maslahaty boldy
  27.04.2023
1038
Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda okuw-maslahaty boldy

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Beýik maksatly ösüşler» atly okuw-maslahaty boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan okuw-maslahata agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri hem-de ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdy.

Okuw-maslahatyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy Hanmuhammet Amangulyýew açyp, onuň esasy maksady we gün tertibiniň meseleleri barada durup geçdi.

Şeýle hem okuw-maslahatynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bölüm müdiri, ýuridiki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Myrat Haýidow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň baş tehniki gözegçisi Gurbanmyrat Nyýazlyýew dagylar çykyş etdi. Olar öz çykyşynda ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk binýadyny pugtalandyrmak, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy, zähmeti goramak we howpsuz zähmet şertleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda iş dolandyrylyşyny degişli gollanmalara we talaplara laýyklykda alyp barmagyň düzgünleri hakynda gürrüň berdiler.