logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Ak bugdaý etrabynda «Sport—rowaçlyga badalga» ady bilen estafeta ýaryşy geçirildi
  04.10.2022
864
Ak bugdaý etrabynda «Sport—rowaçlyga badalga» ady bilen estafeta ýaryşy geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Sport—rowaçlyga badalga» ady bilen estafeta ýaryşy geçirildi.

Ýaryşa ýokary synp okuwçy ýaşlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Geçirilen ýaryşda toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Ruhubelent» topary estafeta ýaryşynda üstün çykyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň sowgadyna mynasyp boldy.