Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Birleşen Milletler Guramasynda adam hukuklary ✦ ✦ Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Magtymguly — dünýä şahyry ✦ ✦ Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan 3 baýrakly orun «AFL Kids Cup-2024» halkara ýaryşy ✦ ✦ Azerbaýjanyň «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistana getirdi ✦ ✦ “Türkmengaz” we “ADNOC” gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy gözden geçirdiler ✦ ✦ Parižde Olimpiýa oýunlary badalga alar ✦ ✦ Ýaşlar baradaky alada döwletimiziň ileri tutulýan wezipesidir ✦ ✦ Dalaşgärler üçin orta hünär okuw mekdepleriň sanawy - 2024 ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat!
  17.05.2024
245
Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat!

Gül ömrüñ, ykbalyñ, bagtyñ bossany,

Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat.

Goýny toý-dabara, açyk asmany,

Howañ melhem şirin jana Aşgabat.

 

Gözellikler sende gelýär kemala,

Dünýä haýran bu gün ajap jemala,

Seniñ bilen ösýär tutuş zamana,

Sowulmaz baharym-ýazym Aşgabat.

 

Ýollaryñ ýüpekden, ýodañ aýnadan,

Joşly kalby galkyndyrýar gaýtadan,

Keşbi bilen dillerimizi saýradan,

Köñül bady, täsin jady Aşgabat.

 

Gözleriñ göwherden, ýakutdan gaşyñ,

Mydam dost-dogana gurşalan daşyñ,

Gadamyñ gaýratly, ileri işiñ,

Jana melhem, köñle ylham Aşgabat.

 

Aýnur HUDAÝBERGENOWA,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ II ýyl talyby.