Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ajaýyp kitaby okap...
  17.12.2024
28
Ajaýyp kitaby okap...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary uly gyzyklanma döredýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen iline gymmatly sowgady bolan ýene bir täze kitaby — «Hakyda göwheri» atly kitaby çapdan çykdy. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitabyň halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi we Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp kitaplarynyň hatarynda mynasyp orny eýelejekdigi guwandyrýar.

 

Bu ajaýyp kitabynda Gahryman Arkadagymyz köp asyrlyk geçmişli halkymyzyň dünýä ösüşine goşan goşandy, taryhda yz galdyran görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri barada taryhy maglumatlaryň üsti bilen gyzykly gürrüň berilýär. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby türkmen halkynyň gadymy taryhy durmuşyndan söhbet açýan ylmy garaýyşlaryň täsirli beýanydygy hem uly gyzyklanma döredýär.

 

Milli Liderimiziň täze kitabynyň birinji babynyň «Taryh şu ýerden başlanýar» diýen bölüm bilen başlamagynyň özünde aýratyn many-mazmun bar. Onuň şeýledigini bu babyň başyndaky: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler» diýen jümleler aýan edýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. «Hakyda göwheri» — milli buýsanjymyzyň, şeýle hem geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýady bolup, bizi türkmeniň şöhratly taryhyna syýahata äkidýär.

 

Milli Liderimiziň parasatly pikirlerini öz içine alýan täze eser iki bapdan ybarat bolup, olaryň birinjisi «Taryha syýahat», ikinjisi «Ruhy miras» diýlip atlandyrylýar. Onuň birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köp öwüşginli gymmatlyklary hakynda söz açylýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň birinji babyna «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» atly bölümleri girizip, bu döwletlerdäki siwilizasiýalar barada gyzykly ylmy maglumatlary beýan edýär.

 

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwançly wakalarynyň biri boldy. Milli Liderimiziň galamynyň ýiti, täze kitabynyň höwrüniň köp bolup, döredijilik äleminde gadamynyň batly bolmagyny arzuw edýäris.

 

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.