logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahally maldarlar ýaz gyrkymyna guramaçylykly girişdiler
  26.04.2023
1134
Ahally maldarlar ýaz gyrkymyna guramaçylykly girişdiler

Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlaryň ýaz gyrkymyna ykjam taýýarlykly gelip, guramaçylykly girişdiler. Ozalky ýyllarda toplanan baý tejribelere daýanmak arkaly bu jogapkärli çäräni degişli talaplara laýyklykda alyp barmakda çopan-çoluklardyr degişli hünärmenler mynasyp tagalla edýärler.

Ýaz gyrkymyny geçirmek üçin, Garagumuň ähli amatlyklary bolan giň ýaýlalary saýlanyp alyndy. Bu bolsa ýaz gyrkymynyň işjeň geçmegine oňaýly täsirini ýetirýär.

Bar bolan ene goýunlardan sagdyn owlak-guzynyň 53 müňden gowragyny alyp, bu babatdaky meýilnamany welaýatda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, möwsümi üstünlikli jemlän Bäherden etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary ýaz gyrkymynda-da ugurdaş hojalyklara nusga bolýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň maldarlarynyň arasynda hem bu iri hojalygyň göreldesine eýerýänler az däl.