logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahally halyçylar öňe saýlandylar
  06.03.2023
1069
Ahally halyçylar öňe saýlandylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Arşyň nepisligi» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda Ahal welaýatynyň halyçylary baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Türkmen halysynyň Milli muzeýinde geçirilen jemleýji bäsleşikde welaýatymyza Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň ýaş halyçylary Jennet Ýazmyradowa hem-de Mähri Allaberdiýewa wekilçilik etdiler.

Ýaşlarda zähmetsöýerligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň kesbi-kärini ösüp gelýän ýaş nesillerimizde dowam etdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň halyçylary «Syrlar siňen nepislik», «Gözelligi döredýän eller», «Gözelllik dowamaty» ýaly şertleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Bäsleşigiň emin agzalary olaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Biz hem çeper elli halyçylarymyzy ajaýyp toý günlerinde gazanan üstünligi bilen gutlaýarys.