logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy
  03.04.2022
2086
Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy

Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde bina edilen täze dermanhana açyldy. Dermanhana ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi.

Dermanhananyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda açylmagy aýratyn bellärliklidir. 

Tejen şäherinde täze açylan dermanhananyň umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolup, ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Täze dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Belläp geçsek, dermanhananyň weterinar bölümi hem bar.