logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi
  27.06.2025
1068
Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi

Şu günlerde Ahal welaýaty hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň esasy merkezine öwrüldi. Çäreler milli medeniýetiň nesilden-nesle geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Hepdeligiň dördünji güni Änew galasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň häzirki zaman usullary» atly ylmy maslahat bilen başlandy. Änewde geçirilen arheologik gazuwlar netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar “Änew medeniýeti” ady bilen dünýäde tanalýar. Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi.

 

Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda bu sebitdäki taryhy ýadygärlikler, Seýit Jemaleddin metjidi ýaly binalar we Jeýtun medeniýeti baradaky maglumatlar giňden beýan edilýär.

 

Çäreleriň dowamynda Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň ýubileýlerine bagyşlanan döredijilik duşuşygy, Gämi obasynda maşgala aýdym-saz toparlarynyň usuly maslahaty, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynyň uly konserti geçirildi.

 

Bu çäreler ýurdumyzyň medeni ösüşini, sungat ugrundaky mümkinçilikleriň giňdigini we nesiller arasyndaky döredijilik arabaglanyşygyny görkezdi.

 

Yhlasmyrat ALYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.