logo

Soňky täzelikler:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahal welaýatynda kir ýuwujy serişdäniň täze iki görnüşi öndürilip başlandy
  14.06.2019
1879
Ahal welaýatynda kir ýuwujy serişdäniň täze iki görnüşi öndürilip başlandy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda elde we awtomatiki usulda kir ýuwmak üçin soda çykarýan täze kärhana açyldy. “Türkmenberkmetal” hususy kärhanasy iki aýda 500 tonnadan gowrak ýokary hilli önüm çykardy. Metal önümlerini taýýarlamaga ýörüteleşen telekeçilik düzümi kir ýuwujy durmuş himiýasy serişdelerini öndürýän iri kärhanalaryň hataryna goşulmaga dalaş edýär.
«Şirin aý» HK-nyň guran zawody her ýyl 50 müň tonna durmuş hajatlary üçin önümleri çykarmaga niýetlenendir. Üç çalşykly işde 150 iş orny dörediler. Häzirki wagtda kuwwatlyklar özleşdirilýändigi sebäpli iş bir çalşykda guralypdyr.
«Emaý» we «Güneş» atly döwrebap sodalarda ýokary hilli ýerli we daşary ýurtlardan getirlýän çig mal ulanylýar. Türkiýeli hyzmatdaşlary ýüzleý işjeň maddalary iberseler, Mary welaýatyndan soda, Garabogaz kölünden natriý sulfaty, Ispaniýadan ys berijiler alynýar.
Sodalaryň düzüminde optiki agardyjylar, ys berijiler, sodanyň tegmil aýryjy sypatlaryny ýokarlandyrýan, şeýle hem matanyň gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylar, ýuwujy erginlerindäki kir zerrejikleriniň yzyna zatlara siňmegine ýol bermeýän polimerler bar.
Şeýle hem onuň düzümine belli bir derejelerde suw ýumşadyjylar, adamlara, umuman daşky gurşawa zyýan bermeýän antisorbentler, agardyjylar we ys berijiler goşulýar. Hazirki sodalara bildirilýän esasy talaplaryň biri-de - olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr. Munuň üçin ýerli telekeçiler fosfatlary we düzüminde hlor bolan serişdeleri ulanmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň önümi daşary ýurtlaryňkydan arzandyr. Kompaniýanyň belgisi goýlan sodalar eýýäm ýurduň welaýatlarynyň ählisiniň söwda merkezlerinde satuwa çykaryldy.