logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ahal welaýatynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
  06.09.2023
753
Ahal welaýatynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Şu gün — 6-njy sentýabrda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiziň bugdaý ekişine beren ak patasyndan göwni göterilen welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri jogapkärli möwsüme dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başladylar. 

 

Ekişe girişilmeginiň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde tejribe maslahaty geçirildi. Oňa welaýat, etrap häkimleri, olaryň degişli orunbasarlary, daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň başlyklary, oba hojalyk hünärmenleri, tejribeli daýhanlar, ýaşuly nesliň wekilleri we beýleki dahylly adamlar gatnaşdy.

 

Tejribe maslahatynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük ekişini guramaçylykly başlamak, ýokary hil derejesinde geçirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi, özara pikir we tejribeler alşyldy. Oňa gatnaşyjylar daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda welaýatymyzyň dili senaly, il sylagly ýaşulularynyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine dabaraly ýagdaýda, uly ruhubelentlikde badalga berildi. Oba hojalygyndaky bu möhüm wakanyň şanyna toý ruhuna beslenen dabara ýaýbaňlandyryldy. Sungat çykyşlaryna, milli öwüşginli tomaşalara giň gerim berildi. Oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi ähliniň kalbyny şatlyga besledi.

 

Ýeri gelende, möwsümde welaýatymyz boýunça 195 müň gektarda däne ekişiniň geçirilip, şonça meýdandan guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny almagyň maksat edinilýändigini, bugdaý ekişinde etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna we daýhan birleşiklerine degişli bolan ekiji tehnikalaryň 420-sinden gowragynyň hyzmatyndan peýdalanyljakdygyny aýratyn bellemelidiris.

 

Şu gün Ahal welaýatynyň gallaçy daýhanlarynyň bugdaý ekişine girişmeginiň hormatyna Seýit Jemaleddin metjidinde toý sadakasy berlip, onda ýagşy diga-dilegler edildi.