logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde konsert çykyşlary boldy
  07.04.2023
870
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde konsert çykyşlary boldy

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň konsert çykyşlary boldy.

Konsertiň barşynda talyplar ýekelikde we toparlaýyn saz çalmakda zehin-başarnygyny görkezdiler. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň sazlary dürli saz gurallarynda orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Konserte gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ýokary derejelere ýetirmekde uly işler alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.