logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /«Ahal siti»-niň birinji tapgyrynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar
  05.12.2022
1419
«Ahal siti»-niň birinji tapgyrynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar

3-nji dekabrda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy bilen baglylykda, guramaçylyk wezipeleri, onuň açylyşyna taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu iri merkeziň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy, 14 sany inženerçilik ulgamy we desgasy gurlup tabşyrylar.

Gurluşygyň iki tapgyrynyň dowamynda 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sowujy akaba, suwuň derejesini peseldiş ulgamy we lagym geçirijileri, 62,9 kilometr gaz geçirijisi, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlary, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.