logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşan ilkinji türkmen topary boldy
  30.04.2022
1362
«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşan ilkinji türkmen topary boldy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň kümüş medalynyň eýesi we Kubok ýaryşynyň finalçysy «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary 19 ýyllyk arakesmeden soňra, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşan ilkinji türkmen topary boldy. Ildeşlerimiz 7 — 27-nji aprel aralygynda ýaryşyň Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen toparçalaýyn tapgyryna gatnaşdylar.

AFK-nyň Çempionlar ligasy yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşy bolup oňa oňa Aziýanyň iň güýçli futbol toparlary gatnaşýar. AFK-nyň Çempionlar ligasy 2002-2003-nji ýyllarda döredildi. Şol döwürde oňa ýurdumyzdan Aşgabadyň «Nisa» futbol topary wekilçilik etdi. Geçen 19 ýylyň dowamynda türkmen toparlary AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna we AFK-nyň kubogyna gatnaşdylar.

«Ahalyň» futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky alty duşuşygynda garşydaş derwezelere alty top geçirdiler. Şolaryň dördüsini tejribeli ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow öz adyna ýazdyrdy. Galan iki topy bolsa Abdy Bäşimow bilen Mirza Beknazarow geçirdi.

Türkmen toparlarynyň yklym ýaryşyndaky ýoly iýun aýynda AFK-nyň kubogy bilen dowam eder. Bu ýaryşa ýurdumyzdan «Altyn Asyr» bilen «Köpetdag» wekilçilik eder.

Annagurban ANNAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.