logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Agyz burun örtügini name üçin we nädip geýmeli
  06.11.2020
1041
Agyz burun örtügini name üçin we nädip geýmeli

       Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny, dikeltmäge, keselleriň öňüni almaga, netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap hassahanalar, saglygy goraýyş merkezleri, saglyk öýleri kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

       Häzirki günlerde howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollaryny goramak üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär.

       Bir gezek ulanylýan örtügi dakynanyňda onuň ýokarsyndaky demir zolagyň burna gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Munuň üçin demir zolagy barmaklar bilen burnuň üstüne basmaly we örtügiň epinlerini ýazmaly. Bir gezeklik örtükleri her iki sagatdan çalşyp durmaly, Agyz-burun örtügini dakynyp aýranyňdan soň elleriňi sabynlap ýuwmaly ýa-da antispetiki serişde bilen arassalamaly. Köp gezeklik örtükleri ulananyňdan soň ýuwujy serişde bilen ýuwup, üstünden gaýnag suw akytmaly, gurandan soň ütüklemeli.

       Ynsanyň saglygyny gorap saklamak, jemgiýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini berjaý etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.