Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦ ✦ Taryhymyz — gymmatly mirasymyz ✦ ✦ Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Emeli aň we ykdysadyýet ✦ ✦ Ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetiňi ýokarlandyrýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Agro pack sergisi öz işini tamamlady
  17.05.2024
266
Agro pack sergisi öz işini tamamlady

15-17-nji maýda Türkmenistanyň Söwda senagat ministrliginiň sergi köşgünde azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň sergisi geçirildi.

 

Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzden gowrak wekili öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bar. Bular bilen birlikde Russiýadan, Türkiýeden, Belarusiýadan, Özbegistandan halkara sergä gatnaşýanlar innowasion tehnologiýalara we «nou-haulara» ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

 

Sergide ýurdumyzda hereket edýän azyk senagatyna degişli önümleri öndürýän hojalyk kärhanalary, hökümet edaralaryna degişli kärhanalaryň täze önümleri sergilendi. Şeýle-de önümçilikde ulanylýan tehnologiýalary bilen tanyşmaklyga we işleýiş tertibi bilen giňişleýin tanyşyp maglumat alamaga mümkinçilik döredildi.

 

Bu gezekdäki Azyk önümçiligine degişli serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik boldy.

 

Ylýas Annamyradow,
Türkmen oba hojalyk 
institutynyň talyby.