Abu Nasr Muhammet ibn Tarhan ibu Uzlug al-Faraby 870-950-nji ýyllar aralygynda geçen Gündogaryň beýik alymy bolup, ol matematik, fizik, astronom bolupdyr. Onuň bu ylymlarda eden birnäçe işleri bolupdyr. Ol häzirki Türkmenistan we Owganystan serhediň çäklerinde ýerleşýän Farýab (Farab) obasynda doglup, ol häzirki Gazagystanyň Otrar welaýatynyň Farab diýen ýerinde dogulýar. Ýene käbir çeşmelerde bolsa häzirki Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde dogulypdyr diýilýär.
Ol saz ylmynda hem birnäçe işleri ýerine ýetiripdir. Onuň «Saz ylmy» hem-de «Saz we şygryýet barada makalalar» ýaly işlerini agzamak bolar.
«Saz ylmy» kitaby uly iş bolup, 2 kitapdan (bölümden) jemi 3 risala we 8 makaladan ybaratdyr. Birinji risalada saz barada söhbet edilip, bu ýerde sazyň görnüşleri we aýratynlyklaryny birinji makalada, ikinji makalada bolsa saz sungatynyň esaslary we görnüşleri, olaryň topara bölünişi barada aýdylýar. İkinji risala bölüminde saz gurallary barada söhbet edilip, kakylyp we üflenip çalynýan halk saz gurallarynyň käbiriniň ady ýerleşdirilen. Üçünji risalada heňler barada söhbet edilip, bu ýerde heňiň we nagmalaryň topara bölünişi we ulanylyş maksatlary görkezilýär.
İkinji kitapda saz ylmynda fizikanyň esaslary barada söz aýdylýar. Bu kitap iki makaladan ybarat bolup, sazyň fizika, matematika we metafizika bilen baglanyşygy, olaryň arifmetik esaslary görkezilýär.
İkinji makalada nagma we ritmleriň görnüşleri we olaryň toparlara, görnüşlere bölünişi, olara garyşdyrylmagy we çykarylan netijeler tablisa we derňew mysallar esasynda görkezilýär. Kitap 2005-nji ýylda Türkmen milli medeniýet merkeziniň «Miras» neşirýatynda Rahmanberdi Godarowyň redaktorlyk etmegi Atamyrat Saryýewiň arap dilinde terjime etmeginde çapdan çykýar. Edil şuňa meňzeş işleriň ýene biri Gazagystanyň Ylymlar Akademiýasynyň filosofiýa institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanylyp, 1992-nji ýylda Almatada «Gylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Saz we şygryýet barada makalalar» (traktatlar) diýen işi bellemek bolar. Bu iş ýaňky iş bilen talabalaýyk deň gelip, bu ýerde diňe işiň birinji kitabynda sazyň filosofiýa we şygryýet bilen arabaglanyşygy we sazlaşygy görkezilýär.
Aýdym-saz ynsan güýjüniň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, dostlaşmagyň we doganlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar.
Döwran GYLYJOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň talyby.