logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /ABŞ-Merkezi Aziýa formatynda (B5 + 1) ilkinji biznes dialogy geçiriler
  13.03.2024
599
ABŞ-Merkezi Aziýa formatynda (B5 + 1) ilkinji biznes dialogy geçiriler

13 — 15-nji martda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ-Merkezi Aziýa formatynda (B5 + 1) ilkinji biznes dialogy geçiriler.

 

B5+1 forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maliýeleşdirmegi bilen ABŞ-nyň Söwda palatasynyň şahamçasy bolan Halkara hususy kärhanalar merkezi (CIPE) tarapyndan dolandyrylýan Merkezi Aziýada biznes-işewürligi gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamanyň çäginde amala aşyrylýar.

 

«C5+1» taslamasyny durmuşa geçirmekde giňden tanalýan «CIPE», ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldawy bilen «B5+1» bisnes dialogyny döretmek boýunça hem täze başlangyçlaryny öňe sürdi.

 

Almatyda geçiriljek halkara forumyň dowamynda gyzyklanýan taraplar üçin sebitdäki işewürlik çözgütleri barada maglumatlar berler we bu ugur boýunça pikir alşylyp, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Ogulşat HANALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.