Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, adam hukuklarynyň giň möçberli ulgamynyň aýrylmaz parçalarynyň we durmuş taýdan adalatlylygy üpjün etmegiň şertleriniň biri bolup durýar. Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny ykrar edip we halkarara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, Türkmenistan adam hukuklary hakyndaky esasy halkara namalaryna, şol sanda aýallaryň hukuklary hakyndaky jarnamalara we konwensiýalara goşuldy.
Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda geçirilýän gender syýasaty, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna aýallaryň deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýän institusional we kanunçylyk taýdan goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga, jynslaryň deň hukuklylygynyň konstitusion ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegine, aýallar we erkekler üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistan aýallar barasynda ähli görnüşdäki kemsitmeleri ýazgarmak bilen, jyns alamaty boýunça islendik tapawuda, aýrybaşgalama ýa-da çäklendirilmä ýol bermezlik syýasatyny yzygiderli we gyşarnyksyz alyp barýar. Aýallaryň hakyky deň hukuklylygyny üpjün etmek, olaryň jemgyýetçilik syýasy durmuşdaky ornuny ýokarlandyrmak baradaky türkmen döwletiniň konsepsiýasy, köp zady öz içine alýan milli we halkara hukuk binýadyna esaslanýar.
1979-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Aýallar barada kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda” Konwensiýa kabul edildi we ol 1981-nji ýylda güýje girdi. Bu Konwensiýa adam hukuklarynyň halkara ulgamyndaky esasy resminamasyna öwrüldi. Konwensiýa BMG agza döwletleriniň ählisi tarapyndan diýen ýaly, şol sanda Türkmenistan tarapyndan hem 1996-njy ýylda tassyklanyldy. Konwensiýanyň esasy hukuk şerti, aýallar barada kemsitmeleriň ähli görnüşlerini gadagan etmekden ybarat bolup durýar. Bu şertiň berjaý edilmegi, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygyna degişli kanunlaryň diňe bir kabul edilmegi bilen çäklenilmän, eýsem aýallaryň öz hukuklaryndan hakykat ýüzünde peýdalanmagyna mümkinçilik döredýän ýagdaýlaryň işlenilip düzülmegine gönükdirilendir. Şeýle hukuklary durmuşyň ähli pudaklarynda kesgitlemegi bilen, Konwensiýa, gender deňligini üpjün etmek arkaly aýallaryň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy we jemgyýetiň ösüşi üçin esas bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1999-njy ýylda kabul edilen we 2000-nji ýylda güýje giren Fakultetiw teswirnama aýallaryň hukuklarynynyň goralmagynyň we berkidilmeginiň kanuny esaslarynyň üstüni ýetiren wajyp resminamalaryň biri boldy. Türkmenistan tarapyndan 2009-njy ýylda tassyklanan bu Fakultetiw teswirnama laýyklykda, Aýallar barada kemsitmeleri ýok etmek baradaky Komitet döredilip, ol aýallaryň hukuklarynyň yzygiderli ýa-da gödek bozulmalary bilen baglanşykly meseleler boýunça yzygiderli iş alyp barýar.Aýallaryň syýasy hukuklary hakyndaky Konwensiýa (1952 ý.), Halkara Zähmet Guramasynyň erkeklere we aýallara deň gymmatly zähmet üçin deň töleg hakyndaky Konwensiýa (1951 ý.) kabul edilýär. Bu Konwensiýalar hem Türkmenistan tarapyndan tassyklandy. Bulardan başga-da Baş Assambleýa tarapyndan 2000-nji ýylda kabul edilen we 2003-nji ýylda güýje giren adamlaryň, aýratyn hem aýallaryň we çagalaryň söwdasyna ýol bermezlik we onuň öňüni almak hakyndaky Teswirnama kabul edildi. Türkmenistan bu Teswirnamany 2005-nji ýylda tassyklady we onuň kadalaryny häzirki güne çenli doly we dogry, gyşarnyksyz yzygiderli ýerine ýetirip gelýär. Adamyň hukuklary we azaklyklary, aýallaryň hukuklarynyň artykmaçlyklygy barada Konstitusiýada kepillendirilen konseptual kadalary milli kanunçylykda has-da kämilleşdirildi. 2007-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Parlamenti tarapyndan “Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şu Kanun aýallaryň progressiw öňe gidişligine mümkinçilikleri döretmekligi bilen, olaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgiýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlarynda erkekler bilen deň hukuklylygyna döwlet kepillendirmelerini belleýär. Kanun aýallar barada göni we gytaklaýyn kemsidilmeleri gadagan edýär hem-de durmuşyň her bir ulgamynda deň hukuklylygy kepillendirýär. Şeýle hem Kanun gender deňliginiň durmuşa geçirilmeginde döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Baş kanuny, Konstitusiýamyzyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir» diýlip beýan edilýär, ýa-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýlip kesgitlenendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hukuklaryny, aýratynda zenanlaryň hukuklaryny goramakda alnyp barylýan işler we çäreler mundan beýläk hem yzygiderli dowam etdiriler.
Maýýa TÖRE
Baýramaly şäheriniň
10-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy