Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Zenan – ýyldyz gyryndysy
  17.08.2022
541
Zenan – ýyldyz gyryndysy

Eýsem zenanlar söýginiň, işewürligiň hem-de beýik nesil terbiýesiniň hak jogapkärleridir. Biziň ýurdumyzda hem zenanlara goýulýan sarpa aňyrdan, nesil terbiýesinde enäniň ornunyň bolmagy Oguz han atamyzdan gelýän ýadygärlikdir. Hut şol sebäpli-de türkmen halky ogluny öýerjek bolanynda “Enesini gör-de gyzyny al”- diýen nakyly durmuşynda uly bir şygar edinýär. Çünki ene ýüreginiň mertligi, ene ýüreginiň beýikligi, onuň perzendine bolan terbiýesinden gelip çykýar. Eneleriň perzende bolan terbiýesi öý işlerinden, öý bikeleriniň gelejekki nesle nähili terbiýe berýänligi bilen ölçelýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem kitaplarynda ene terbiýesi, ene mähri barada zol agzalyp geçilmegi bolsa, zenan ýüreginiň waspyna dogry düşünmegi, öz enesiniň nusga alarlyk zenandygyny düşündirmegi bilen ölçelýär.

 

Meniň söhbetdeşim bolan Maýa Myradowa hem zenan hem-de telekeçi hökmünde, galyberse-de işewür zenanlaryň öý işlerini, ýagny “ýüklerini ýeňletmek” üçin köp pikirlenen zenan hökmünde maňa özüni tanatdy. Telekeçi zenan Maýa Myradowanyň esasy maksady öý bikeleriniň ýüküni “ýeňletmekden” ybarat bolup durýar. Ol ilkinji gezek arassalaýjy kärhana açmak barada pikir edýärkä-de çagalary kiçijik eken.

 

“ - Ýetişmeýärdim, ýeke ellidim. Kimden kömek soraýyn. Çagalarym kiçi, ýoldaşym işde. Hemişe hysyrdylar bilen ýaşaýardym. Şol döwürlerde “Şu zenanlaryň öý işlerini ýeňletmek üçin kärhana açyp bolmazmyka?” – diýip, köp pikir edýärdim. Ýyllar boýy eden pikirlerimiziň yzynda bu gün Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arzuwlarym amala aşdy, ony diňe Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň telekeçilere berýän goltgusy diýip, düşünýärin” – diýdi-de işewür zenan gözleriniň owasyny begenç ýaşlary bilen doldurdy.

 

“ - Dogrusy zenanlaryň öý işini ýagny egin-eşikleri ýuwmak, sanlyja wagtyň içinde elýeterli arassalamak, dogrusy tiz wagtda eýesine gowşurmak” bu “biziň öňde goýýan esasy maksadymyz” - diýip, Maýa buýsanç bilen aýtdy. 

 

Ençeme iş saparlaryna gidip, daşary ýurtlarda okap, tejribe toplap, bu işde telekeçilik işlerinde halkara sertifikatlarynyň birnäçesine mynasyp görlen zenanyň mähirli garaýşy bu günki gün bagtyýarlyk bilen dem alyp, öz işlerine aňsatlyk bilen ýetişýän zenanlary daşyna toplap, kärhanada agzybir işläp, müşderileriň söýgüsini gazanmaga mümkinçilik döretmek üçin gije-gündiz zähmet çekişi onuň nijeme ýyllardyr eden arzuwlarynyň Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl bolandygyny bellemek bolýar. Telekeçi zenan  sözüni buýsançly gürrüňleri bilen dowam etdirdi:

 

“- Biz milli eşiklerimize guwanýarys. Ol ýerde, ýagny kürtelerde hem-de agyr el işlerinde keşdeleriň gaty köplügi sebäpli ýuwsaň, edilen onça zähmetiň bir ýerjigine-de zeper ýetmezligini isleýärsiň. Hemme ýüpekleriň reňkleri tebigy bolmaýar. Käbiri ýuwlanda beýleki ak ýerlere hem zeperini ýetirýär. Şol sebäpli hem ýörite enjamlarda himiki arassalaýjy serişdeleriň üsti bilen ýuwulmagy müşderini bagtyýar ýylgyrmaga mümkinçilik berýär. Dogrusy biziň ähli arzuwymyz müşderiniň göwnünden turmak we onuň hoşal bolup gidip, ýene-de gelmegini gazanmak!” – diýdi-de Maýa ýylgyrdy.

 

Kärhananyň agzybir işgärleri gelýän her-bir müşderä aýratyn hyzmat edip, olaryň islegini doly kanagatlandyrýarlar. Galyberse-de, “Maýam” himiki arassalaýjy kärhanasy edilýän sargydy öýden hem-de ofisden alyp gitmek we getirmek hyzmatyny hem amala aşyrýar. Kärhananyň dürli görnüşdäki egin-eşikleri we tekstil önümlerini himiki usulda arassalamak, ýuwmak we ütüklemek ýaly hyzmatlary bar. Kärhanada Italiýanyň “Penzacci”, “Pony”, Ýaponiýanyň “Sankosha”, Germaniýanyň “Bufa” kysymly himiki arassalaýyş enjamlary ulanylýar. Belläp geçsek, “Maýam” himiki arassalaýjy kärhanasy 2014-nji ýylda döredildi. Kärhana 2015-nji ýyldan bäri himiki arassalaýyş “The Drycleaning & Laundry Institute” (DLI) assosasiýasynyň agzasydyr. Men telekeçi zenana işlerinde uly üstünlik arzuwlap söhbetdeşligimi soňladym. Bize ajaýyp zamanada zenanlarymyza şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Oguljennet BÄŞIMOWA, žurnalist.