logo

Latest news:
✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦ ✦ Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady ✦ ✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦
Home / Agriculture /Zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
  12.10.2023
818
Zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Kaka etrabynda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, ýylboýy yhlas siňdirilip ýetişdirilen «ak altyny» ýitgisiz ýygnamak hem-de kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz daşamak, öňdebaryjylary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen nobatdaky on günlük zähmet bäsleşiginiň jemi jemlendi.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň yglan eden nobatdaky zähmet bäsleşigi ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň we awtoulag sürüjileriniň arasyndan oňat netije gazananlary öňe saýlady.

 

Zähmet bäsleşiginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlaryna etrabyň Kaka Pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjileri Orazberdi Harlyýew hem-de Allaberdi Orazalyýew, etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary kombaýnçylar Begli Anjanow, Gurban Bäşimow hem-de etrabyň “Parahat” daýhan birleşiginiň ýygymçylary Ýazgeldi Annagulyýew, Rahymberdi Myradow dagy mynasyp boldular. Bu öňdebaryjy zähmetkeşler bilen iş üstünde duşuşylyp, armalary ýetirildi hem-de sowgatlary gowşuryldy.    

 

Bahar ÄRNEPESOWA,
Türkmenistanyň  Kärdeşler
arkalaşyklarynyň   Kaka etrap
birleşmesiniň kätibi.