Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýylgyrşyňa sebäp bolsam jan ejem
  10.03.2020
708
Ýylgyrşyňa sebäp bolsam jan ejem

        Säher bilen dogan güneş ýylgyrjyklaýan çaga ýaly geň enaýy şöhle saçýan bolsa, adam bary başagaýlykda älemgoşar kysymly gülleri goltuklap süýjilikmi, şirinlikmi, köýneklikmi, garaz delje sowgatlardan owadanja gutylara gapladyp nirädir bir ýerlere howlukýan bolsalar onda şol gün mart aýynyň 8-dir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly 8-nji mart “Halkara zenanlar güni”. Bu senäni tasdanam ýeriň ýüzündäki adamlaryň bary baýram edip belleýärler, hut şol gün nähilidir ýakymlyja sowgatlar bilen her kim öz ejesiniň, ýanýoldaşynyň, gyzjagazlarynyň, söýgülsiniň hatda işdeş ýoldaşlarynyň ýylgyrşyna sebäp bolasy gelýär. Hawwa eneleriň ýylgyrşy, çagajyklaryň gülküsi, zyba gyzlaryň näzileri, ýanýoldaşyň mähribanlygy şunça başagaýlyga degýär ahyryn. Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň biri hem Belent Serkerdebaşymyz baýram gününde çagalar bagyna gatnaýan körpeje gyzjagazlardan başlap, hormatly dynçalyşa çykan enelere çenli baýramçylyk sowgady hökmünde, pul görnüşinde sowgat berýär. Edil şujagaz pursat nämäni ýatlatýar bilýäňizmi? Aýtsam taryhy rowaýatlarda hökmürowan şalaryň biri:

     -Ýurtdaky gyzjagazlar meniň gyzlarymdyr, ýigitler meniň ogullarymdyr. Ak saçly gojalar, eneler meniň enem-atamdyr-diýenmişin. Rowaýatlarda adyllygy, parasatlylygy, mähribanlygyny bilen tanalýan patşany bu günki gün biz öz Arkadagymyzyň keşbinde görýäs. Gahryman arkadagymyz ýurdymyzyň ähli welaýatyndaky adamlaryň arasyndan köp çagaly maşgalalylara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat berdi.  Döwletliden- Döwlet ýokar diýip şa serpaýyny alýan zenanlar , öz sowgatlaryny alnyna sylýalar. Begençden  akýan göz ýalaryny sylyp Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtýarlar. Şeýle wakalaryň köpümiz janly şaýady bolsak, köplerimiz mawy ekeran arkaly tomaşa edendiris. Şunça işleriň aňarsynda da Arkadagymyzyň halkym diýip etýän atalyk aladalary ýatyr. Şeýle mähriban oguly dünýä getirip owal başdan edip- terbiýe bilen kemala getiren , beýik enäniň jany sag başy dik bolsun, ömri uzak bolsun. Eneleriň ýylgyrşyna, şatlygyna sebäp bolmak nähili ajaýyp duýgular. Çünki eneler ýaşaýyş daragtyny köki damary,  tagamyň duzy, ýaşaýyşyň hamyrmaýasy hut şonuň üçinem bu senäni ýeriň ýüzi baýram edip belleýär. Günler, aýlar, ýyllar, pasyllar nobatma-nobat aýlanyp şu gök asman bilen ene ýeriň arasynda kän-kän gussaly, şatlykly wakalar bolup geçer. Muňa garamazdan ýene müň ýyllyklardanam zenanlaryň güni baýram edilip belleniler. Çünki zenanlar ýaşaýyşyň özenidir, diregidir, bezegidir. Mähriban zenanlar, jigiler, eneler ýüzüňizden ýylgyryş aýrylmasyn. Siziň yhlasyňyz , mähriňiziň esasynda ençeme ojaklaryň törleri ýylasyn. Siziň terbiýäňiz bilen Watana, il güne abraý getirjek, ak ýürekden gulluk etjek ýigitler kemala gelsin. Baýramyňyz gutly bolsun!