logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Culture /Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny
  14.11.2025
574
Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny

Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar ýurdumyzyň dürli milli oýunlaryny öwrenýärler. Bu oýunlar käte toparlaýyn, käte bolsa iki-üç adam bolup ýa-da köpçülikde ýerine ýetirilýär. Şeýle oýunlar çagalara dostlukly gatnaşmagy, biregeň hormat goýmagy hem-de jemgyýetde dogry aragatnaşyk saklamagy öwredýär. Geljekde jemgyýet bilen utgaşykly gatnaşyga ýol açýan bu milli oýunlaryň orny gaty uludyr.

 

Türkmenleriň milli oýunlary atadan-ogla geçip gelen gadymy we gymmatly miras bolup, diňe wagt geçirmek üçin däl-de, terbiýeçilik ähmiýeti bolan medeni baýlygymyzyň bir bölegidir. Oýunlaryň düzgünleri, ýerine ýetirilýän ýerleri we maksatlary halkymyzyň terbiýeçilik nusgasyna laýyklykda tertiplenipdir.

 

Türkmen milli oýunlarynyň arasynda “Aşyk oýny”, “Gizlenpeçek”, “Aýterek-Günterek”, “Bäş daş”, “Ak süňk” ýaly gadymy we belli türgenleşdiriji oýunlar bar. “Aşyk oýny” eli çeýeleşdirýär we nyşana dürs atmagy öwredýär, “Ak süňk” ünsü güýçlendirýär we çalasynlygy artdyrýar, “Gizlenpeçek” bolsa synçylygy hem-de duýgurlygy ösdürýär.

 

Her bir milli oýnuň özboluşly düzgüni bar. Käbirleri hereketli, beýlekileri bolsa ujypsyz hereketli görnüşde oýnalýar. Oýundan öň ýörite sanawaç aýdylýar. Çagalar bu sanawaçlary ýatdan bilýärler we her gezek oýun başlamazdan öň aýdýarlar. Sanawaçlar olaryň ýatkeşligini, dilden gürlemek ukybyny we oýna bolan höwesini artdyrýar. Şeýle-de sanawaçlar olaryň söz baýlygyny giňeltmäge we dili kämilleşdirmäge ýardam edýär.

 

Umuman alanyňda, milli oýunlar çagalaryň beden, ruhy we zehin taýdan ösmegine täsir edýän, olaryň jemgyýetdäki medeni taýdan ýerlikli hereket etmegini kemala getirýän gymmatly milli mirasdyr.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.