logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦
Home / Culture /Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi
  12.06.2026
11
Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ençeme  ýaşlarymyz dürli ugurlardan halkara bäsleşiklerine, sanly ulgam arkaly internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle talyplaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň V ýyl talyby halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Hijran Jorakulyýew. Ol birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy.

 

Ol 1999-njy ýylyň 31-nji maýynda Lebap welaýatynyň Dänew şäherinde dogulýar. 2009-njy ýylda Dänew çagalar sazçylyk mekdebiniň akkordeon bölümine okuwa girip, bu saz guralynda sazlary çalmagy öwrenýär. Konsertlerde işjeň çykyş edýär. 2017-nji ýylda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň akkordeon bölümine okuwa girýär. D.N.Sýuradan tälim alýar. Okan döwründe birnäçe ýekelikdäki konsertleri berýär, deň-duş talyplaryndan zehin taýdan tapawutlanmagy başarýar. Bulardan başga-da birnäçe döwlet çärelerine işjeň gatnaşyp, Hormat hatlaryna mynasyp boldy. 2021-nji ýylda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebini tapawutlanan diploma gutaryp, şol ýyl hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna talyplyga kabul edilýär. Ýaş ezber sazandanyň akkordeon saz guralyna bolan ýiti höwesi bolup, ol T.Ýuzeýewa, I. Şelehowanyň elinde hünär sapaklaryny alýar.

 

 Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde 2021-nji ýylda «Магия музыки» 1-nji orna,  2024-nji ýylda «Folk-Art» 1-nji orna,  2025-nji ýylda Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçirilen «XVI World open music competition» atly halkara akkordeon-baýançylaryň bäsleşiklerinde 1-nji orna, şol ýylda Russiýa Federasiýasynyň  Moskwa şäherinde geçirilen «R.M.Glier adyndaky IX Halkara akkordeon-baýan bäsleşiginde» 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda geçirilýän «Konserwatoriýanyň zehinleri-2022» bäsleşikde 1-nji orna,  I-IV ýyl talyplarynyň arasynda geçirilýän «Umumy fortepiano» boýunça 2022,  2025-nji ýyllarda baýrakly 1-nji orna mynasyp boldy.

 

Halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Hijran Jorakulyýew ýokary okuw mekdebimizde 2 gezek, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdep-internatynda, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýekelikdäki konsertleri, şeýle hem Aşgabat şäheriniň №1, №2, №4 çagalar sungat mekdeplerinde konsert meýilnamalary bilen çykyş etdi. Konserwatoriýamyzda her ýylda geçirilýän hasabat konsertlerine, ýaş zehinleriň festiwalyna özüniň konsert meýilnamalary bilen, şeýle hem ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän medeni köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşýar.

 

Ol diňe bir ýokary ýerine ýetirijilik bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe ylmy metbugat makalalaryň awtorydyr.

 

2025-nji ýylda ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Bitaraplyk – synmaz ýoly Türkmeniň» atly makala ýazmak bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de ýurdumyzda geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky olimpiadalara işjeň gatnaşyp, öz zehinini görkezýär.

 

Diňe akkordeon ýerine ýetirijilik, ylmy makalalar bilen çäklenmän dirižýorlyk sungatyny has içgin öwrenip meşhurlyk gazandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» orkestrine dirižýorlyk edip, konsertlerde üstünlikli çykyş edýär.

 

Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Hijran Jorakulyýew türkmen medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine çykarýan ýaşlaryň biri bolar diýip umyt edýäris. Hijran Jorakulyýewa mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Hijran Jorakulyýew: «Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda «Türkmenistanda amala aşyrylýan işler dünýä ülňülerine laýyk gelmelidir» – diýip belleýär. Biz  hem hormatly Prezidentimiziň aýdan sözüni özümize ýörelge edinip, bimöçber zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin» diýip, özüniň minnetdarlygyny beýan etdi.

Ogulbeg ÝEGENOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky

Türkmen milli konserwatoriýasynyň

III ýyl talyby.