logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Science and Education /Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy
  12.06.2026
382
Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň Nakgaşçylyk, Grafika hem-de Heýkeltaraşlyk hünärleri boýunça uçurumlarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Bu hünärlerde çuňňur bilim alan ýaş talyplar özüniň ýiti zehinini döredijilik eserleriniň üsti bilen görkezdiler. Her bir ýaş talyp özüniň hünäri boýunça saýlap alan temasy täze geljekki nesillerimiz üçin nusga bolup galdy. Nakgaşçylyk hünäriniň stanok, teatr-haşam hem-de monumental nakgaşçylygy ugurlary boýunça  Röwşen Mälikgulyýewiň «Arkadag şäheri», Şöhle Bakkalowanyň «Kerwen», Bägül Gylyçmyradowanyň «Baky gözellik», Hekim Hojamyradowyň «Garaşsyzlyk», Ogulaý Haýdarowanyň «Bilimler güni» ýaly işlerinde ýokary ussatlyk bilen şekiller janlandyrylypdyr.


Şeýle-de Grafika hünärinde stanok we kitap grafikasy ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Talyplar esasanam grafikanyň materiallaryny, çap grafikasynyň dürli tehnikalaryny we onuň anyk mümkinçiliklerini, kitabyň, plakatyň, stanok grafikasynyň taslama çözgütlerini serişdelerini öwrendiler. Annagül Hudaýgulyýewanyň Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» kitabyndan 6-bölekden ybarat kitap bezeg işleri, Orazgül Geldiýewanyň «1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni», Isgender Orazmyradowyň «Watanymyzyň keşbi», Maksat Ataýewiň «Ak şäherim Aşgabat», Daýanç Muhammedowyň «Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy» ýaly işleri köpçüligiň dykkatyna ýetirildi.


Heýkeltaraşlyk hünäri boýunça Serdar Jumaýewiň «Türkmen milli toýy», Züleýha Baýramgulyýewanyň «Türkmeniň ahalteke bedewleri», Seýrangeldi Berdiýewiň «Bilimler güni», Amangül Nurlyýewanyň «Türkmen tebigaty» atly heýkel eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Döredijilik eserlerindäki bedewleriň mukaddes keşbi, halkyň ruhy kuwwaty we ata Watana bolan söýgi esasy tema hökmünde öňe çykýar. Bedew aty diňe bir haýwan däl-de, eýsem erkinligiň, güýç-kuwwatyň we milli buýsanjyň nyşany hökmünde beýan edilýär. Talyplaryň diplom goragynda görkezilen döredijilik eserleri ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň üstünlikli ösüşine buýsanç döredýär.

TAWUS GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.