logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi
  12.11.2025
399
Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi

Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara derejeli ähmiýetli çäre geçirildi. Hytaý diliniň dünýädäki ornuny ösdürmek, ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen guralan bu foruma 14-nji noýabrda dünýäniň 160-dan gowrak ýurdundan 2000-e golaý wekili gatnaşdy. Olaryň arasynda 51 döwletden gelen ýaş hytaý dili hünärmenleri hem bar.

 

Türkmenistandan foruma Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça umumy mejlisler, tematik bölümçeler we açyk pikir alyşmalar geçirildi. Onda daşary ýurt dili hökmünde hytaý dilini okatmagyň häzirki zaman usullary, mugallym taýýarlamagyň döwrebap görnüşleri, sanly okuw platformalaryny ornaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri, okuw-usuly serişdeleri kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşy güýçlendirmek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Forumyň çäklerinde guralan sergide sanly bilim ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalar – elektron okuw toplumlary, VR/AR mümkinçilikleri, interaktiw tehnologiýalar we emeli aň esasynda döredilen platformalar görkezildi.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy milli bilim ulgamynyň halkara derejesindäki gatnaşyklaryny giňeltmäge we Hytaý bilen dostlukly ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ygrarlarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle duşuşyklar türkmen mugallymlarynyň öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmagyna, okuw-terbiýeçilik işiniň dünýä derejesindäki ösüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

 

Merjen ATAGELDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň talyby.