logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Interesting /Ýylanlaryň çakmagynda döreýän zäherlenmeler
  08.12.2023
2415
Ýylanlaryň çakmagynda döreýän zäherlenmeler

Ýylanyň zäherine ofiditoksin diýilýär. GDA-nyň çäklerinde ýylanlaryň 58 görnüşi bolup, şolardan 11-i zäherli hasaplanylýar, Türkmenistanda ýylanlaryň 30 görnüşi bolup, şolaryň 4-si zäherlidir. Ýylanlaryň çöllerde, daglarda, düzlüklerde, suwda ýaşaýanlary bolup, olar tebigatda işjeň ýaşaýşy alyp barýarlar, mör-möjekleri, garynjalary, eşekýassyklary, kyrkaýaklary, syçanlary, hažžyklary, alakalary, gurbagalary, gurlawuklary, guşlary, balyklary we beýleki gemrijileri awlamak bilen, olaryň sanyny kadalaşdyrmakda sanitar bolup hyzmat edýärler. Ýurdumyzda duşýan ýylanlar Günorta-Gündogar Aziýada we Günorta Amerikada duşýan anokondalardan, torjumak pitonlardan 4-5 esse kiçidir we keltedir. Türkmenistanda iň uly we uzyn gara-gaýçak ýylandyr, onuň uzynlygy 2 metr 45 santimetr, agramy 3 kg-a ýetýär. Iň kiçi ýylan körýylan bolup, uzynlygy 35-40 sm, agramy 10-12 grama deňdir.

 

 

Ýylanlar hemişe adamlary howatyrlandyrýar, esasan-da, kepje- baş, alahöwren, göklors we galkanburun, sebäbi olaryň zäherli dişleri has gowy ösendir. Okýylanyň, garabaşýylanyň, gömülgeniň, eýran pişikgöz ýylanyň hem zäherli dişleri bardyr, ýöne dişleri ýokarky äňiniň düýbünde ýerleşeni üçin adamlary we haýwanlary çakyp bilmeýärler. Çakan ýagdaýlarynda hem howply däldir. Kepjebaş (kobra) uzynlygy 2 metre ýetýän, melemtil, garamtyl-goňur reňkli, ýaş kepjebaşlarda arkasynda kese geçýän zolaklar bolýar, şol döwürde olar zähersiz ala ýylana meňzeş bolýar, soňra zolaklar solup ýitip gidýär. Olar daglaryň belentliklerinde, eňňitlerinde, baýyrlyklarda, derýalaryň ýakalarynda, sähralarda ýaşaýarlar. Çägeli çöllerde syçanlaryň hinleriniň golaýynda; toýunsow çöllerde, ösümliksiz takyrlarda duşýar. Harabalyklarda, ýap boýlarynda, hatda ilatly ýerlerde gabat gelýänleri hem bolýar. Howanyň yssy wagty 2 metre çenli= bolan çöldäki gyrymsy agaçlaryň üstüne hem çykýar.

 

 

Kepjebaşyň zäheri ýeňil bulanýar, şepbik sary reňkli, yssyz, neýtral reaksiýaly suwuklyk. Täze alnan zäher we onuň suwdaky ergini durnuksyz, adaty şertde 3-5 günüň dowamynda zäherliligini ýitirýär. Biologiki täsirliligini ýitirmezlik üçin ýylanyň zäherini ampulada doňdurmak usulynda birnäçe ýyl saklap bolýar. Kepjebaşyň zäherinde albumin, globulinler, albumozalar, kalsiý we magniý duzlar, hloridler, fosfatlar, musin, fermentler bolýar. Zäher suwda, gliserinde, spirtde, kislotalarda, aşgarlarda ereýär. Kobrotoksin ady bilen neýrotoksin we gemorragin saklanýar. Zäheri neýrotoksik, gemolitik we damarlary giňeldiji täsirlerinde arterial basyş peselýär, ganyň damarda lagtalanmasy ýokarlanýar, fibrin sapajyklar emele gelýär. Kobrotoksin öýjükleriň biomembranasyna täsir edip zäherlenmäni döredýär. Fosfolipaza öýjüklerdäki mitohondrileriň gabyk örtügini bozup adenozintrifosfotazanyň boşamagyna getirýär we öýjüklerde dem alşy bozýar.

 

 

Alahöwren, göklors, galkanburun çakanda ýylanlaryň çakan ýerleri gyzarýar, agyrýar, sowuk der çykýar, gyzdyrma, ýürek bulanma döreýär.Ýylan çakanda daňmak, ot basmak, spirtli içgileri bermek zäherleneniň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar we heläkçilige getirýär. Ýylan çakan ýerini sorup dökmek, kofe, çaý we beýleki suwuk içgileri bermek peýdalydyr.

 

 

Uzakberdi GULÇAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.