logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýokary hili guş iýmleri öndürilýär
  13.02.2021
724
Ýokary hili guş iýmleri öndürilýär

     Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge uly goldaw berilýär. Döwlet tarapyndan, telekeçilere edilýän goldawlar üçin, Tejenli telekeçiler döredijilikli zähmetleri bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Bu ugurda Tejen etrabynyň Zaman geňeşliginiň çäginde guş iýmini öndürýän “Miras” hususy kärhanasynyň enjamlary, häzirki wagtyň talaplaryna gabat gelýän, ýokary hilli tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle-de bu kärhananyň işçi hünärmenleri tarapyndan, häzirki zaman enjamlarynyň iş usullary doly özleşdirilip, ýokary hili guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny, ýylda 75 müň tonnadan gowrak önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kärhanada öndürilýän iýmiň düzümine bugdaý, mekgejöwen, soýa, ösümlik ýagy we beýleki dürli witaminler goşulmagy bu iýmiň hasda ýokumly bolýandygyna şaýatlyk edýär.

     Bu ýerde kärhanada işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri üçin, ähli şertler döredilipdir. Şonuň ýaly-da, kärhananyň çig mal üpjünçiligi üçin, bölünip berilen ýer böleklerinde bugdaý, mekgejöwen we başga-da birnäçe ekinleri ýetişdirilip, olary bu kärhananyň işçi hünärmenleriniň çekýän ýadawsyz zähmetiniň netijesinde gaýtadan işlenilýär we ýurdumyzyň içerki bazarlaryna hödürlenilýär.

      “Miras” hususy kärhanasynda öndürilen önümleriň ýokumlylygynyň ýokary bolmagy netijesinde, onuň önümleri diňe bir Tejen etrabynyň çäginde däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly isleglere eýedigi bilen tapawutlanýar.