logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025»-iň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy
  14.10.2025
603
Türkmen wekiliýeti «EKSPO-2025»-iň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Bu çärä Ýaponiýanyň Imperator maşgalasy, hökümet agzalary, ýerli häkimiýet wekilleri, dürli ýurtlaryň resmi wekiliýetleri, milli pawilýonlaryň wekilleri we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň adyndan bu dabara Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Ýaponiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary — ministrler, sergi assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýerli häkimler — çykyş edip, serginiň üstünlikli geçendigini we Osakanyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlandygyny bellediler. Şeýle-de dabarada onuň Alyhezreti, mirasdüşer şazada Akişino we Ýaponiýanyň Premýer ministri S.Işiba çykyş etdiler.

Wideo görkezmeler bilen serginiň dowamynda bolan wakalar ýatlanyldy, medeni çykyşlar bilen baýlaşdyrylan çärede halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Çäräniň ahyrynda serginiň resmi baýdagy düşürilip, ol indiki «EKSPO-2030» sergisini geçirmegi meýilleşdirýän Saud Arabystanyna resmi taýdan tabşyryldy.

 

Kadyr GURDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.