logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar
  12.10.2025
877
Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar

Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Duşenbe sammiti jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi hem bolup, geljek ýyl guramada Türkmenistan başlyklyk eder. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ynam üçin minnetdarlyk bildirip, munuň Türkmenistana goýulýan ýokary hormatyň we ynamyň nyşanydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlyklyk döwründe guramanyň ösüşine gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn esasda alnyp baryljakdygyny, degişli Konsepsiýanyň taýýarlanyp agza ýurtlara iberiljekdigini nygtady.

 

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň işinde assosirlenen agza hökmünde çykyş edip, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda GDA-nyň başlyklygyny üstünlikli ýerine ýetirendigi ýatladyldy.

 

Dünýä ORAZWELIÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi.