logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Society /Türkmen talyplary “Python” dili bilen robot işläp düzdi
  14.10.2025
599
Türkmen talyplary “Python” dili bilen robot işläp düzdi

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ýagty geljegimiz üçin tutanýerli okamaklary, bilim almaklary, döretmekleri, gurmaklary üçin uly mümkinçilikler açylýar. 

 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Resul Nurmämmedow bilen Orazsähet Atamyradow täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, häzirki zaman tehnologiýasy bilen işlenilen robot döretdiler. Bu robot «Python» programmirleme dili arkaly ýazylan we ol iki dilde – rus hem-de iňlis dillerinde gürläp bilýär, sowal-jogap alyşýar, ses gelýän tarapa kellesini öwürýär, hereket edýär. Robot el telefony arkaly dolandyrylýar we batareýa bilen işleýär.

 

Bu oýlap tapyş «Saglygy goraýyş, bilim we sport – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde görkezildi. Talyp ýaşlaryň döredijilikleri we ylmy tejribeleri, ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen baglaşýan hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň netijesinde has hem ösdürilýär. Ýakynda institutyň Wýetnamyň Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Bu üstünlikler ýaşlaryň innowasiýa, tehnologiýa we ylym babatynda döwlet tarapyndan giň goldawa eýedigini görkezýär.

 

Gülöwser YHLASMYRADOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.