logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi
  11.10.2025
604
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we maslahaty geçirildi.

 

Bu halkara sergisinde türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyryldy. Bu serginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary hem-de zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny wasp edýän birnäçe ajaýyp eserleri aýratyn orun aldy.

 

Serginiň çäginde mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň iň naýbaşy eserleri görkezildi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket hem-de amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler,  ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär. Ýurdumyzyň belent sepgitlerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini wasp edýän sungat eserleri sergä baran myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Oguljan DAÝYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.