logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /«Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany» atly dabaraly maslahat geçirildi
  14.10.2025
462
«Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany» atly dabaraly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi bilen bilelikde, Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürýän başlangyçlarynyň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, “Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar durnukly ösüşde energiýa birleşmeleriniň orny, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamy bilen baglanyşygy we Türkmenistanyň ygtybarly energiýa akymlaryny döretmek baradaky başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Serdarymyza edilen goldawlar üçin uly minnetdarlyk bildirdiler.

 

Şatlyk AGAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.