logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦
Home / Technology /Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni
  14.10.2025
575
Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni

XXI asyr – innowasiýanyň we ýokary tehnologiýalaryň asyry hökmünde taryha girýär. Düýnki mümkin däl hasaplanýan zatlar, bu günki gün ýaşlar, alymlar we tehnologlar üçin adaty ýagdaýa öwrülýär. Häzirki wagtda dünýäniň ösüş ýoluny çaltlandyrýan esasy güýçleriň biri – innowasion tehnologiýalardyr.

 

Innowasiýa – diňe täze pikir däl, ol şol pikirleriň durmuşa ornaşdyrylmagy, adamlaryň gündelik durmuşyna täsir etmegi, iş proseslerini ýeňilleşdirmegi we netijeliligi ýokarlandyrmagy bilen tapawutlanýar. Innowasion tehnologiýalar maglumat tehnologiýasyndan başlap, bioinženeriýa, robototehnika, emeli intellekt, sanly ykdysadyýet, energiýa tygşytlaýjy çözgütler ýaly köp ugurda öz beýanyny tapýar.

 

Türkmenistanda hem innowasion ösüş döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegine, ýaşlaryň zehinleriniň açylmagyna we döredijilikli pikirleriň goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly platformalaryň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň arasynda tehnologiýa boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Mundan başga-da, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurt tehnologiýalary bilen tejribe alyşmalar, täze taslamalaryň alnyp barylmagy we ýerli şertlere laýyklykda döwrebap çözgütleriň işlenip düzülmegi amala aşyrylýar.

 

Innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetde hem ähmiýeti uludyr. Olar önümçiligi awtomatlaşdyrýar, iş güýjüni tygşytlaýar we hil taýdan täze mümkinçilikleri döredýär.

 

Oguljeren AÝMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallym-öwrenijisi.