logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy
  12.10.2025
589
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy

10-njy oktýabrda Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçen sammite GDA agza ýurtlaryň ýolbaşçylary we guramanyň Baş sekretary gatnaşdy.

 

Mejlisiň dowamynda 20 sany mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda GDA-nyň deňhukukly we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk meýdançasy hökmünde ähmiýetini nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

 

Gurbangözel SAPAROWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi.