logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Ylym – bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady” atly maslahat geçirildi
  13.06.2025
1162
“Ylym – bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady” atly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Ylym – bilim ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady” atly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilelikde gurady. Onda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösüşine degişli  wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri barada giňişleýin çykyş etdi. Ol häzirki döwürde ylmy işleriň we bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, şeýle hem ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde uly üns berilýändigini nygtady. Soňra çykyş eden Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Büzmeýin etrap Halk Maslahatynyň agzasy Jahan Pirmuhammedowa bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim syýasatynyň esasy ugurlary we bilim strategiýalarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilişi barada gürrüň berdi. Ol çykyşynda ýaşlaryň döredijilikli we täzeçil pikirlenmegini goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetini belledi.

 

Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew häzirki döwürde innowasion başlangyçlara berilýän goldawlaryň ähmiýeti barada çykyş etdi. Ol häzirki zaman biliminiň ösüşinde “ekosistema” düşünjesine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Bu düşünje boýunça döredilýän bilim gurşawy – okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmegine, tejribe geçmegine ýardam edýär. Şeýle okuw ekosistemalary ýokary okuw jaýlarynda we tölegli bilim merkezlerinde ornaşdyrylmaklygy maksat edinýär.

 

Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Gülşat Baýramowa çykyş edip, ylmy maglumatlaryň elýeterliliginiň artdyrylmagy we kitaphana hyzmatlarynyň sanly ulgama geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdi. Ol häzirki döwürde alymlaryň we öwrenijileriň sanly maglumat çeşmelerine bolan elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagynyň ylmy işleriň hiline we tizligine täsir edýän esasy faktorlardygyny belledi.

 

Maslahat gatnaşyjylar üçin täze pikirleriň, tejribeleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda uly ähmiýete eýe boldy. Çärede öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň hem-de telekeçilik başlangyçlarynyň ösdürilmegine täze itergi berer diýlip garaşylýar.