logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ýewklid - "Geometriýa tarap Şa ýol ýokdyr"
  11.12.2023
1278
Ýewklid - "Geometriýa tarap Şa ýol ýokdyr"

“Ýewklid Geometr” ady bilen meşhurluga eýe bolan Naukratyñ ogludygy, gelip çykyşy boýunça grek, Siriýanyñ Tir şäherinde doglandygy barada II asyr arap alymlarynyñ işlerinde bellenilýär.

 

 

Rowaýatlaryň birinde, grek hökümdary Ptolomeý I geometriýany öwrenmekçi bolýar. Ol bu işiñ ýeñil düşmejekdigine göz ýetirýär. Ol Ýewklidi ýanyna çagyrýar we matematikany öwrenmegiñ ýeñil ýoluny görkezmegi soraýar. Emma alym: "Geometriýa tarap Şa ýol ýokdyr" diýip jogap berýär. 

 

 

Ine şu rowaýata öwrülen ganatly aňlatma biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gresiýanyñ hökümdary Ptolomeý I öz dolandyrýan ýurdunyñ at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen öz köşgüne gowy hak töläp dünýäde meşhur alymlary we şahyrlary çagyrypdyr. Olar üçin ýörite gümmez-Muzeý gurduryp berýär. Bu ýerde sapaklary geçmek üçin zallar, botaniki we zoologiki baglary, astronomik otaglary, astronomik gümmezi (obserwatoriýany), edilen işleri toplamak üçin ajaýyp kitaphana gurupdyr.Işe çagyrylanlaryñ arasynda Ýewklid hem bolupdyr, ol Müsüriñ paýtagty Aleksandriýada galýar we şol ýerde meşhurlyga eýe bolan matematiki mekdebini açýar, onuñ diñleýjileri üçin özüniñ fundamental işini ýazýar.Bu kitap Ýewklidiñ esasy kitaby bolmak bilen, “Başlangyçlar” diýlen umumy at bilen atlandyrylýar. Alymlar bu iş, takmynan biziñ eramyzdan öñki 325-nji ýylda ýazylandyr diýip çaklaýarlar. Ýewklidiñ döwürdeşleri Fales, Pifagor, Aristotel we beýlekiler geometriýany ösdürmek üçin köp sanly işleri ýerine ýetiripdirler.

 

Nurana Maksadowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.