Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ýagtylygyň ösümlikleriň ösüşine täsiri
  15.05.2023
835
Ýagtylygyň ösümlikleriň ösüşine täsiri

Ýagtylyk ekologik faktorlaryň esasylarynyň biri hasaplanýar. Ol tebigatda fotosintez hadysasyny geçirýän ýaşyl ösümlikler üçin has hem möhümdir. Gün özünden ägirt köp mukdarda energiýa goýberýär. Ýaşyl ösümlikleriň fotosinteziniň netijesinde organiki däl maddalardan (suwdan we ondan erän mineral maddalardan) organiki maddalar (uglewodlar, beloklar we beýlekiler) emele gelýär.

Ýagtylyk ösümlikleriň ösüşine, fotosinteziň intensiwligine, haýwanlaryň işjeňligine uly täsir edýär. Ol daşky gurşawyň temperaturasynyň we çyglylygynyň üýtgemegine getirýär. Ýagtylyk gije-gündiziň dowamyndaky we pasyllaýyn biologik aýlawy üpjün edýän esasy duýduryjy faktor hasaplanýar.

Ýagtylyga bolan gatnaşygy ösümlikleri birnäçe toparlara - ýagtylygy söýýän, kölegäni söýýän we kölegä çydamly ösümlikler ýaly ekologiki toparlara bölýärler.

Ýagtylygy söýýän ösümlikler ýa-da geliofitler oňat gün düşýän açyk meýdanlarda ösýärler, tokaý zolagynda seýrek duş gelýärler. Olar adatça biri-birine kölege bermez ýaly seýregräk ösýärler we beýik bolmadyk ösümlik örtügini emele getirýärler.

Kölegäni söýýän ösümlikler ýa-da ssiofitler güýçli ýagtylyga çydamly däldirler. Olar mydama kölege ýerde, tokaýlaryň aşaky örtüginde ösýärler. Bulara, esasan, tokaý otlary degişlidirler. Tokaýlar köpçülikleýin çapylyp, agaçlardan boşan ýerlere birden güýçli ýagty düşende, ol ösümlikler güýçli ýagtylygyň täsirinden heläk bolýarlar.

Kölegä çydamly ösümlikler ýa-da fakultatiw geliofitler gowy ýagtylykda hem oňat ösüp bilýärler, birneme kölegäni hem ýeňillik bilen geçirýärler. Olara tokaýlaryň köp sanly ösümlikleri mysal bolýarlar.

Ýagtyny söýýän ösümlikler üçin gysga pudakly bolmak, ýapraklarynyň köküň ýanyndan çykyp ýerleşmeleri we ýere ýakyn ösmekligi häsiýetlidir. Ýagtylyk ýetmese, ol ösümlikleriň pudaklarynyň reňki agaryp başlaýar, bogun aralary uzalýar, pudaklaryny ýagta tarap egreldýärler. Güllerini güne tarap öwürýärler.

Kölegä çydamly agaç we otjumak ösümlikler ýapraklarynyň nagyş şekilli ýerleşmekleri bilen beýleki ösümliklerden tapawutlanýarlar.

Ýagtylyk haýwanlaryň ýaşaýşynda hem uly ähmiýete eýedir. Ol köp haýwanlaryň giňişlikde öz ugurlaryny kesgitlemeginde möhüm şert hasaplanýar. Bedeni ýeke öýjükden ybarat bolan ýönekeýje jandarlarda (amýobada, köwüşjik şekilli infuzoriýada, ýaşyl ewglenada) eýýäm ýagtylygy duýujy ýörite gurluşlar - organellalar ýüze çykyp başlaýar. Ýaşyl ewglena ýagtylygy duýujy «gözjagazynyň» kömegi bilen daşky gurşawyň ýagtylanyş derejesini duýup bilýär. Boşiçegeýalylardan başlap ähli haýwanlarda ýagtylygy duýujy çylşyrymly organ – göz peýda bolup başlaýar. Guşlaryň köp görnüşleri pasyllaýyn göçýän (migrasiýa) wagtlarynda gözleriniň kömegi bilen Gün we ýyldyzlar boýunça ugur alýarlar. Bal arylary hem şeýle ukyba eýedirler.

Şeýlelikde, ýagtylyk ösümlikleriň fotosintez hadysalaryny geçirmegi üçin möhümdir. Haýwanlar üçin bolsa onuň, esasan, giňişlikde ugrukmak üçin habar berijilik ähmiýeti bardyr.

Mähri HUDAÝBERDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.