Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Watanymyzy baga-bossanlyga öwürmek
  06.03.2021
399
Watanymyzy baga-bossanlyga öwürmek

      Bu günki gün bütin dünýäde ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Bu ýönelige däldir. Çünki ekologiýa arassalygyny saklamak möhüm meseleleriň biri bolup, ol biziň durmuşymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek we Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek ileri tutulýan meseleler bolmagynda galýar. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar. Halkymyzyň saglygyny gorap saklamak üçin wajyp bolan bu maksatnamany durmuşa geçirmäge, döwletimiziň ekologiýa syýasatyny amala aşyrmaga ýurdumyzyň her bir raýaty öz mynasyp goşandyny goşýar. Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçen ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekildi. «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli bu görkezijiniň 30 milliona ýetirilmegi dünýäde uly seslenme döredýän nusgalyk işleriň biridir. Tebigatyň arassalygyny we gözelligini gorap saklamak her bir ynsanyň borjudyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine, daşky gurşawyň goraglylygyna we ekologik ýagdaýyň abadançylygyna uly üns berilýär. Munuň özi daşky gurşawyň biologik köpdürlüligini aýawly saklamaga, tebigy serişdelerden, hususan-da, suwdan, toprakdan netijeli peýdalanmaga, «ýaşyl tehnologiýalary» döretmäge ýardam berýär. Ata-babalarymyzyň: «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly pähimleriniň asyrlardan aşyp, nesilden-nesle geçip gelýänliginiň esasy sebäbi-de onuň özeninde durmuş hakykatynyň ýatanlygydyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyç raýatlaryň saglygynyň goraglylygynyň nazara alynýandygynyň alamatydyr. Pürli we saýaly agaçlar dem alýan howamyzy tozandan we beýleki zyýanly maddalardan arassalaýar. Şeýle-de, ekin meýdanlarynyň, senagat kärhanalarynyň töwereginde uly bolmadyk tokaýlaryň döredilmegi olary atmosfera hapalaryndan, yssy howanyň howrundan, öwüsýän ýellerden goramaga ýardam edýär. Adamyň ýaşaýşy, onuň saglygy, daşymyzy gurşap alan howa bilen şeýle-de suw, ýylylyk we beýlekiler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerinde emeli tokaý zolaklaryny döretmek, obalary, şäherleri bagy-bossanlyga büremek, oturdylan pürli, saýaly we miweli baglara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Halkymyz bag nahallaryny oturtmak boýunça ýylyň-ýylyna geçirilýän dabaralara işjeň gatnaşýar. Munuň özi türkmen halkynyň bu asylly işiň bütin ynsanyýet we sagdyn ýaşaýyş üçin derwaýysdygyna aňryýany bilen düşünýändiginiň subutnamasydyr.