Şu ýylyň 22-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagt şäheri Parižiň Adam muzeýinde Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça türkmen-fransuz arheologiki toparynyň (MAFTUR) 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Uly ähmiýete eýe bolan bu forumda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli syýasaty esasynda dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň gadymy taryhyny we baý medeniýetini öwrenmegiň hem-de ony köpçülikleýin ýaýratmagyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan, Änew şäheriniň şöhratly taryhyndan söz açaýn, özboluşly binagärlik ýadygärlikleriniň aýratynlyklaryny we meşhur alymlar tarapyndan geçirilen gözlegleri öz içine alýan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti dogrusynda jikme-jik durup geçdiler.
Bu ylmy-amaly maslahat bilen bir hatarda 2024-nji ýylyň 22-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde guramagynda ÝUNESKO-nyň edara binasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergi hem açyldy.
Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eserleri, Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylary, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şu günki ýeten guwandyrjy ösüşleri hakynda kitaplar we žurnallar, şeýle hem senetçilik we amaly-haşam sungatynyň gazananlary ýerleşdirildi.
Şeýle çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň edara binasynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym sazly konsert hem geçirildi.
Jemal SAPARBAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň
işjeň agzasy.